FIFA ýylyň iň gowy futbolçylary üçin täze baýrak döretdi

  • 03.01.2026 09:52
  • 7.2k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) iň gowy futbolçylar üçin täze baýragyň döredilendigini yglan etdi. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu baýrak ýylyň ahyrynda Dubaýyň sport geňeşi bilen bilelikde gowşurylar.

Ilkinji baýrak gowşurylyş dabarasyny 2026-njy ýylda geçirmek meýilleşdirilýär.
FIFA 1991-nji ýyldan bäri dünýäniň iň gowy oýunçylaryna şahsy baýraklary gowşuryp gelýär. 2009-njy ýyla çenli gurama ýeňijini özbaşdak kesgitleýärdi, emma 2010–2015-nji ýyllar aralygynda baýrak "France Football" žurnaly bilen bilelikde gowşurylyp, "FIFA-nyň Altyn topy" diýlip atlandyryldy. 2016-njy ýyldan başlap, şahsy baýraklar ýene-de bölündi: žurnal we FIFA ýeňijileri aýratynlykda saýlap başladylar.
FIFA-nyň baýragy "The Best" diýlip atlandyrylýar. 2025-nji ýylda bu baýraga iň soňky gezek fransuz futbolçysy Usman Dembele mynasyp boldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......