Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär

  • 15.01.2026 22:14
  • 4.2k+

Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, Kataryň 2009-njy ýylda döredilen zenanlar milli ýygyndysy on ýyldan gowrak wagt bäri resmi duşuşyklary geçirmeýär we FIFA-nyň reýting sanawynda eýe bolan orny ýokdur.
Žurnalistleriň maglumatyna görä, Kataryň dalaşgärligine birnäçe amatly şertler esasynda garalýar. Olaryň hatarynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionaty üçin gurlan döwrebap stadionlar, gyş paslyndaky amatly howa şertleri we FIFA-nyň ýolbaşçylygy bilen ýola goýlan berk gatnaşyklar bar. Ýene-de bir mümkin bolan dalaşgär hökmünde Saud Arabystany agzalýardy, emma 2028-nji ýylyň ýanwarynda bu ýurtda eýýäm Ispaniýanyň Superkubogyny geçirmek meýilleşdirilipdir.
Bu ýaryşyň her dört ýyldan bir gezek geçirilmegine garaşylýar. Çempionatyň ýanwar aýynda guralmagy halkara futbol senenamasyna goşmaça agram salyp biler. Bu bolsa, gyşky arakesmäniň uzaldylmagy sebäpli, esasan hem Ýewropanyň milli çempionatlarynyň tertibine üýtgetmeler girizilmegini talap eder.
Täze ýaryşyň formaty 16 klubuň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar:

  • Ýewropa: azyndan 5 klub;
  • Aziýa, Afrika, Günorta Amerika we Demirgazyk Amerika: hersinden 2 topar;
  • Saýlama tapgyr: ähli konfederasiýalaryň gatnaşmagyndaky ýaryş arkaly ýene-de 3 topar.

FIFA häzirlikçe ýer eýesi boljak ýurdy saýlamagyň resmi ölçeglerini we toparlaryň saýlanyş tertibini yglan etmedi.


düýn 23:57
662

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 17:32
7.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....