Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

  • 25.12.2025 11:23
  • 7k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi.

Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler. Esasy maksat oýunlaryň derejesini ýokarlandyrmak, senenamany has kesgitli etmek we logistika hem maliýe çykdajylaryny azaltmakdyr. Ýaryşyň formaty, möhleti we düzgünleri entek işlenilýär, ýaryşyň takyk başlanýan senesi hem kesgitlenmedik.
AFC-nyň baş sekretary Datuk Seri Windzor Jon Milletler ligasynyň guramanyň 47 agzasynyň ählisi üçin durnukly ösüş strategiýasynyň bir bölegi boljakdygyny belledi. Pikir sebit federasiýalary bilen maslahatlaşmalardan we seljermeden soň tassyklandy. Ýaryş global futbol senenamasyna üýtgeşme girizmezden, FIFA-nyň häzirki halkara penjiresiniň çäklerinde geçiriler.
Windzor Jonuň aýtmagyna görä, täze liga milli ýygyndylara deň derejeli garşydaşlar bilen oýnamaga, Aziýanyň Kubogy we dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrlary ýaly uly ýaryşlara taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer. AFC-nyň täjirçilik hyzmatdaşlary hem bu başlangyjy goldamak bilen, tomaşaçylaryň gyzyklanmalarynyň artmagyna we milli ýygyndylaryň media önüm hökmünde özüne çekijiliginiň ýokarlanmagyna garaşýar.
AFC täze Milletler ligasynyň bäsdeşlik deňagramlylygyny we ähli sebitler üçin ýokary hilli ýaryşlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Aziýa futbolynyň uzak möhletleýin ösüş konsepsiýasyna laýyk gelýändigini belledi. 


düýn 16:49
5.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.6k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.7k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....