FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi

  • 18.10.2025 12:25
  • 11k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi.

Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy. Üçünji orny 1862,71 utuk bilen Fransiýa jemleýär.
Reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy dört orun aşak düşüp, 142-nji setirde ýerleşdi. Onuň hasabynda 1078,09 utuk bar. Oktýabrda milli ýygyndy Aziýanyň kubogy-2027 üçin saýlama ýaryşynda Şri-Lankanyň milli topary bilen iki oýun oýnady: 9-njy oktýabrda türkmen futbolçylary myhmançylykda 1:0 hasabynda utuldy, 14-nji oktýabrda bolsa Arkadag şäherindäki stadionda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Reýtingde esasy ösüşi Nigeriýanyň milli ýygyndysy görkezdi, ol dokuz orun ýokary galyp, 108-nji orny eýeledi. Farer adalarynyň topary hemmeden köp utuk gazanyp (+37,95), dokuz orun ýokary galdy we 127-nji setirde ýerleşdi. Kosowonyň milli ýygyndysy hem rekord görkezijä ýetdi. Topar ýedi orun ýokary galyp, 84-nji orna çykdy.
Iň uly pese gaçyşy Gresiýa görkezdi. Ol sekiz orun aşak düşdi we indi 48-nji setirde ýerleşýär. Şwesiýa hemmeden has köp – 27,63 utuk ýitirip, sekiz orun aşak düşdi. Ol 40-njy orny eýeleýär. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......