Ýylyň iň gowy goly üçin Puşkaş baýragyny argentinaly Santýago Montiel aldy

  • 17.12.2025 10:14
  • 5.1k+

«Independente» klubunda çykyş edýän argentinaly futbolçy Santýago Montiel 2025-nji ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.

The FIFA Best baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 16-njy dekabrda agşam Dohada geçirildi. Ýeňiji guramanyň saýtynda janköýerleriň we «FIFA-nyň legendalaryndan» ybarat eminleriň ses bermegi arkaly kesgitlendi.
Montiel 2025-nji ýylyň 11-nji maýynda Argentinanyň Aperturasynyň 1/8 finalynyň «Independente Riwadawiýa» garşy oýnunda (1:0) ýeňiş goluny geçirdi. Futbolçy derwezä topy jerime meýdançasyndan daşary üstaşyr girizdi.
Baýrak üçin ýene on oýunçy, şol sanda «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamal hem dalaş etdi.
FIFA-nyň Ferens Puşkaş adyndaky baýragy 2009-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Ol senenama ýylynyň dowamynda geçirilen iň owadan gol üçin futbolça ýa-da zenan futbolça berilýär. Baýrak 1950-60-njy ýyllaryň meşhur wenger-ispan futbolçysynyň adyny göterýär. 


şu gün 17:01
690

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
2.8k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....