Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady

  • 23.12.2025 17:24
  • 10k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi. Onuň garşydaşlary Hytaý Taýbeýiniň, Şri Lankanyň (ikisi bilen hem iki gezek) we Tailandyň toparlary boldy. Bu duşuşyklarda türkmen futbolçylary dört ýeňiş gazanyp, bir gezek ýeňlişe sezewar boldy. Toparçada aýgytly oýun 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Tailandyň milli ýygyndysy bilen myhmançylykda bolar.
Häzir toparlaryň ikisi-de 12 utuk bilen D toparçada öňdebaryjy, ýöne Röwşen Meredowyň futbolçylary iýundaky şahsy duşuşykda utmagy netijesinde Tailandyň toparyndan öňe geçýär (3:1).
FIFA-nyň reýtinginde birinji orny Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeleýär. Ýewropanyň häzirki çempionynyň hasabynda 1877,18 utuk bar. Ikinji setirde Argentinanyň topary ýerleşýär (1873,33). Üçlügi fransuzlar jemleýär (1870). Soňra Angliýanyň (1834,12) we Braziliýanyň milli ýygyndylary (1760,46) gelýär.
Şeýle-de, FIFA zenanlar milli ýygyndylarynyň reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň wekilleri 2025-nji ýyly 1063,882 utuk bilen 141-nji orunda jemledi. Topar 3 setir aşak düşdi.


şu gün 14:17
2.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:40
3.7k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....