Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar

  • 23.12.2025 11:56
  • 7.8k+

Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär.

Gazetiň maglumatlaryna görä, ozal şertnama alan arhitektura býurolaryna tenderlere gaýtadan gatnaşmak teklip edilýär. Ilkibaşdaky taslamalar «aşa çykdajyly» hasaplandy. Şeýle-de, potratçylara işleriň başlanjak möhletiniň süýşüriljekdigi barada duýduryldy, ýöne gaznanyň özi ýagdaýyň üýtgemändigini aýdýar.
Sport desgalarynyň gurluşygy ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, infrastrukturany we syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen Vision 2030 maksatnamasynyň bir bölegidir. Maksatnamanyň býujeti PIF-iň serişdeleriniň hasabyna emele gelýär. Onuň işi bolsa, esasan, nebit eksportyndan gelýän girdejilere bagly. Dekabrda Aramco nebitgaz kompaniýasy OPEK ýurtlarynda islegiň pese gaçmagy we teklibiň artykmaç bolmagy sebäpli bahalary peseltdi.
Saud Arabystany 2034-nji ýylyň dünýä çempionatynyň guramaçysy hökmünde resmi taýdan tassyklandy. Ýaryşy noýabr-dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. 


düýn 22:01
3.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......