Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy

  • 22.11.2025 13:37
  • 10k+

 

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy. Bu netije 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir.

FIFA-daky reýtinginiň täzelenmeginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Arkadag şäherinde Hytaý Taýpeýiniň topary bilen bolup geçen soňky duşuşygy hasaba alyndy. Röwşen Meredowyň şägirtleri 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu üstünlik türkmen futbolçylaryna Saud Arabystanynda geçiriljek 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň «D» toparynda birinji orny saklamaga mümkinçilik berdi.
Reýtingiň şu gezekki täzelenmeginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Malta we Filippinler bilen birlikde, bäş basgançak ýokary galyp, iň uly ösüşi görkezdi. Biziň ýygyndymyz 1087,52 utuk (+9,43) toplady.
Toparyň iki ýyllyk rekordyny täzelän bu duşuşyk milli ýygyndy üçin şu ýyldaky iň soňky resmi duşuşyk boldy. 2025-nji ýylda futbolçylar Mergen Orazowyň, soňra onuň ýerine gelen Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda sekiz sany resmi duşuşyk geçirdiler. Olaryň dördüsi ýeňiş, biri bolsa deňlik bilen tamamlandy.

FIFA-da milli ýygyndylaryň Top-10 reýtingi (utuklar bilen):

  1. Ispaniýa – 1877,18 utuk
  2. Argentina – 1873,33 utuk
  3. Fransiýa – 1870 utuk
  4. Angliýa – 1834,12 utuk
  5. Braziliýa – 1760,46 utuk (+2 basgançak ýokarlandy)
  6. Portugaliýa – 1760,38 utuk (-1 basgançak aşak düşdi)
  7. Niderlandlar – 1756,27 utuk (-1 basgançak aşak düşdi)
  8. Belgiýa – 1730,71 utuk
  9. Germaniýa – 1724,15 utuk (+1 basgançak ýokarlandy)
  10. Horwatiýa – 1716,88 utuk (+1 basgançak ýokarlandy)

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......