DÇ-2026 üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň garşydaş toparlary kesgitlendi

  • 21.11.2025 11:31
  • 7.3k+

Sýurihde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň bije çekilişi geçirildi. Bu oýunlaryň netijesinde ýaryşyň ýene iki gatnaşyjysy belli bolar.

Bije çekilişigiň netijesi:

Ýol 1

  • ·Ýarym final: Täze Kaledoniýa – Ýamaýka
  • ·Final: ýarym finalyň ýeňijisi – Kongo DR

Ýol 2

  • ·Ýarym final: Boliwiýa – Surinam
  • ·Final: ýarym finalyň ýeňijisi – Yrak

Ähli oýunlar 2026-njy ýylyň  martynda Meksikada, dünýä çempionatynyň final tapgyrynyň oýunlaryny hem kabul etjek Gwadalahara we Monterreý şäherlerinde geçiriler.
Surinam we Täze Kaledoniýa dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşmak üçin göreşer. Galan dört ýygyndy dünýä çempionatyna bir gezek çykypdy: Kongo DR – 1974-nji ýylda, Yrak – 1986-njy ýylda, Boliwiýa – 1994-nji ýylda, Ýamaýka – 1998-nji ýylda.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa 12 toparça bölnen 48 ýygyndy gatnaşar. Toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän, şeýle-de üçünji orny eýelän iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar. 


düýn 17:01
6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....