FIFA we Saud Arabystany ösýän ýurtlara 1 mlrd dollara çenli ýeňillikli karz berer

  • 29.11.2025 19:46
  • 5.7k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud ösüş gaznasy (SFD) bilen Ähtnama gol çekdi. Onuň çäklerinde ösüp barýan ýurtlara 1 mlrd dollara çenli ýeňillikli karz berler. Serişdeler stadionlaryň hem-de töweregindäki infrastrukturanyň gurluşygyna we durkuny täzelemek işlerine gönükdiriler diýip, FIFA-nyň resmi saýtyndaky habarda aýdylýar.

Sport global JIÖ-niň tas 2%-ini üpjün edýär, bu bolsa pudagy iş bilen üpjünçiligiň, syýahatçylygyň we jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwürýär. Bellenilişi ýaly, bütin dünýäde 211 sport assosiasiýasynyň bardygyna garamazdan, halkara derejeli sport desgalary bolan ýurtlar bilen şeýle infrastrukturasy bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky tapawut örän uly bolmagynda galýar.
FIFA bilen SFD-niň hyzmatdaşlygy halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap köpugurly sport desgalaryny taslamakda, maliýeleşdirmekde we gurmakda milli hökümetlere goldaw bermegi maksat edinýär. Bu desgalar jemgyýetçilik durmuşy, bilim we inklýuziwlik üçin merkez bolup hyzmat etmeli. FIFA-nyň belleýşi ýaly, şeýle taslamalaryň işe girizilmegi iş orunlaryny döreder, ýerli işewürlige itergi berer we sosial jebisligi berkider – ýaşlar aragatnaşyk, türgenleşik we ýaryşlar üçin howpsuz hem döwrebap giňişlige elýeterli bolar.
FIFA we SFD uzak möhletleýin ykdysady durnuklylygy we ýerli mümkinçilikleriň ösüşini üpjün edýän taslamalary durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk eder. Başlangyç beýleki ösüş edaralaryny, hususy maýadarlary we sebit hyzmatdaşlaryny çekmek üçin hem mehanizm bolup hyzmat eder. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......