FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady

  • 22.01.2026 01:14
  • 11k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň 2026-njy ýyldaky ilkinji sanawyny neşir etdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy sanawda öňki ornuny saklap, 137-nji basgançakda ýerleşdi. Ýygyndymyz sanawda Filippinleriň (136) we Merkezi Afrika Respublikasynyň (138) arasynda ýerleşýär.

Afrika Milletleriniň Kubogy ugrundaky ýaryşdan soň sanawda uly üýtgeşmeler bolup geçdi.

  • Marokko: Dünýäniň iň güýçli 10 toparynyň arasyna girip, 11-nji orundan 8-nji orna çykdy.
  • Senegal: Kontinental birinjiligiň finalynda marokkolylardan üstün çykyp, 7 basgançak ýokary galdy we 12-nji orny eýeledi.
  • Kamerun: Iň uly ösüşi görkezip, 12 basgançak ýokary süýşdi we 45-nji orna ýetdi.
  • Nigeriýa: Iň köp utuk toplan ýygyndy boldy (+79.09).
  • Ekwatorial Gwineýa: Sanawda iň köp aşak düşen ýygyndy boldy (-10 basgançak, 107-nji orun).

Dünýä reýtingindäki ilkinji onluk - Ispaniýa, Argentina, Fransiýa, Angliýa, Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Marokko, Belgiýa, Germaniýa.
Aziýa zolagynyň (AFK) iň güýçli onlugy: Ýaponiýa, Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Özbegistan, Katar, Yrak, Saud Arabystany, Iordaniýa, BAE.
FIFA-nyň indiki reýtingi 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde täzelener. Şol senäniň öňüsyrasynda, 31-nji martda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň topary bilen duşuşar. Aziýa kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçjek bu oýun ýaryşyň final tapgyryna kimin gidýändigini kesgitleýän iň esasy duşuşyk bolar.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......