ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

  • 07.12.2025 11:59
  • 4.4k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy.

«Ministr [ABŞ-nyň içerki howpsuzlyk] Noem Ak tamyň iş topary bilen bilelikde ýaryşyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bir milliard dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp bermek barada yglan etdi, bu bolsa howpsuzlygy üpjün etmäge serişde bölüp bermek boýunça häzire çenli bir çäre üçin kabul edilen iň uly maliýe borçnamalarynyň biridir” – diýip, Juliani aýtdy.

Görkezilen mukdardan 625 mln dollar FIFA World Cup grant programmasy boýunça ulanylar. Bu serişdeler hukuk goraýjy edaralara goldaw bermek, şol sanda kiberhowpsuzlyk boýunça okuwlary we türgenleşikleri geçirmek üçin niýetlenýär. Goşmaça 500 mln dollar uçarmansyz uçýan enjamlara garşy göreşmek boýunça grant programmasynyň çäklerinde bölünip berildi.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......