9.9k+

Dewid Bekhem rysar derejesine eýe bolar

Angliýanyň öňki futbolçysy Dewid Bekhem geljek hepde rysar bolar diýip, The Times we BBC Sport habar berdi. Bekhemiň ady iýun aýynyň ortalarynda çap ediljek resmi sylag sanawynda peýda bolar. Ol Beýik Britaniýanyň Patyşasy Çarlz III-niň, adatça monarhyň hakyky doglan senesine gabat gelmeýän, resmi doglan gününe gabatlanýar...

2.6k+

Türkmenistan "Merkezi Aziýa - Hindistan" Işewürlik geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi

5-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Delide geçirilen «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda sebit ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasynda ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşyklylygy ösdürmek, sanly ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

4.8k+

Raşid Meredow Nýu-Delide Hindistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hindistanly kärdeşi Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

8k+

Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordyny goýdy

Aktýor Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Howply hokga (trýuk) franşizanyň «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») atly sekizinji filminiň surata düşürilýän wagty ýerine ýetirildi...

15k+

«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär...

16k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy...

2.9k+

Ford bir günde bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi: kä modeller ot alyp biler

Ford kompaniýasy bir günde ulaglaryň bäşisini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Olaryň käbiri ýangyn töwekgelçiligi bilen baglanyşykly, biri bolsa eýýäm abatlanan ulaglara degişli diýip, Carscoops ýazýar. 2020-nji ýyllaryň başynda öndürilen Lincoln Corsair, Ford Escape we Maverick krossower modelleriniň 1700 sürüjisine ulagy ulanmagy dessine bes etmek maslahat berildi...

6.1k+

Hytaýyň eksport çäklendirmeleri Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawodynyň işini togtatdy

Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawody we önümçilik tapgyrlary seýrek ýerüsti elementleriniň ýetmezçiligi sebäpli, işini togtatmaga mejbur boldy. Munuň sebäbi bolsa, Hytaýyň bu çig mallaryň eksportyna girizen çäklendirmeleri boldy diýip, Ýewropanyň «CLEPA» awtokomponentler assosiasiýasyna salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär...

5.7k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr...