Raşid Meredow Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

  • 07.06.2025 21:30
  • 8.1k+

6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Premýer-ministr Narendra Modi üçin gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmagyň hem-de ulag, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we farmasewtika ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň strategik ähmiýeti aýratyn nygtaldy hem-de bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine täze itergi bermegiň zerurdygy bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Hindistanyň esasy ulag merkezleriniň Ýakyn Gündogar, Hazar sebitine we Ýewropa çykalgasynyň döredilmeginiň halkara logistiki hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orun eýelejekdigi nygtaldy. Bu ugurda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer alyş-çalşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmasy tassyklanyldy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......