Sinner soňky 15 ýylda ilkinji bolup Jokowiçi yzygider dört gezek utdy

  • 08.06.2025 11:04
  • 3.7k+

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner soňky 15 ýylda Nowak Jowokiçi yzygider dört gezek utan ilkinji oýunçy boldy. Olaryň soňky duşuşygy 6-njy iýunda “Rolan Garrosyň” ýarym finalynda boldy diýip, Tennis.com habar berýär.

Ozal Sinner Jokowiçi 2023-nji ýylda Dewisiň Kubogynyň finalynda, 2024-nji ýylda Australian Open-de we Şanhaýda geçirilen ýaryşda utupdy.
Şeýlelikde, Sinner taryhda Jokowiçi yzygider dört gezek utan bäşinji oýunçy boldy. Öň, bu Endi Roddige (2009-2010), Rafael Nadala (2008-2009-njy ýyllarda bäş ýeňiş), Rojer Federere (2006-2007) we Žo-Wilfild Songa (2008-2009) başardypdy.
8-nji iýunda “Rolan Garrosyň” finalynda Sinneriň garşydaşy ispaniýaly Karlos Alkaras bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......