Plastik topraga, howa we jandarlaryň bedenine aralaşdy – ol eýýäm iýmit zynjyryny üýtgedýär

  • 08.06.2025 11:13
  • 9.8k+

Täze ylmy gözleg plastik hapalanmasynyň diňe bir ummanlaryň ekoulgamyna däl, eýsem planetanyň materik bölegine-de zyýan ýetirýändigini görkezdi. London uniwersitetiniň alymlarynyň maglumatlaryna görä, plastik eýýäm ýerüsti ekoulgamlara aralaşyp, ownuk süýdemdirijiler, mör-möjekler we oňurgasyzlar üçin howp döredýär diýip, Phys.org habar berýär.

Işiň çäklerinde hünärmenler Beýik Britaniýada ownuk süýdemdirijileriň birnäçesiniň dokumasyny we nejasatyny öwrendi. Infragyzyl enjamlaryň kömegi bilen olar Ýewropadaky kirpilerde, tokaý syçanlarynda, alaňňyrtlarda we çal alakalarda plastik bölejiklerini tapdy. Kirpilerden alnan 189 nusganyň 19%-inde plastik bardy. Bir ýagdaýda kirpide 12 bölek gülgüne we dury reňkli poliester tapyldy.
Plastigiň haýwanlaryň organizmine nähili düşýändigini anyklamak üçin, alymlar iýmit zynjyryny seljerip, mör-möjekleriň 2000-den gowrak nusgasyny we topragy öwrendi. Görlüp oturylsa, mikroplastik diňe bir organizmden geçmän, eýsem oňurgalylaryň we oňurgasyzlaryň dokumalarynda ýygnanyp bilýär eken.  
Ylmy gözlegçiler ilkinji gezek käbir haýwan görnüşleriniň diňe bir hapalanan iýmiti tötänleýin iýmän, eýsem howadan we toprakdan mikrobölejikleri “bilkastlaýyn” ýuwudýandygyny anyklady. Ýagny, mikroplastik daşky gurşawda şeýle bir ýaýran welin, haýwanlar ony adaty bir zat hökmünde “kabul edip” başlapdyr. Plastik oba hojalyk ýerlerinden başlap, şäher seýilgählerine çenli dürli ýerlerde tapyldy.
Mikroplastik görnüşleriň arasyndaky tebigy baglanyşyklary bozýar. Mör-möjekler zyýanly maddalary geçirijilere öwrülýär, bu hem guşlaryň we süýdemdirijileriň saglygyna zyýan ýetirýär. Topragyň mes bolmagy üçin zerur bolan ýagyş gurçuklary hem hapalanmadan zyýan çekýär. Bu hem hasyllylyga täsir edip biler.
Tapyndylaryň arasynda dokmada we mebellerde giňden ulanylýan material bolan poliester has köp duş gelýär. Alymlaryň pikiriçe, maglumatlar gyssagly çäreleri görmegiň zerurdygyny görkezýär: plastigi öndürmek we ýok etmek boýunça düzgünleri döwlet we halkara derejesinde güýçlendirmek gerek. 


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......