Raşid Meredow Nýu-Delide Hindistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 07.06.2025 20:07
  • 4.8k+

5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hindistanly kärdeşi Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Mundan başga-da, diplomatlar sebit we halkara derejesinde, hususan-da abraýly halkara düzümleriň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.
Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky ygrarlylyk tassyklanyldy.
Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellenildi.
Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika, dokma, himiýa, nebithimiýa hem-de derman senagaty ýaly ugurlary kesgitlediler. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......