Hytaýda metrony abadanlaşdyrmak üçin 7500 tonnalyk bina duran ýerinden wagtlaýyn başga ýere süýşürildi

  • 07.06.2025 23:38
  • 23k+

Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýüzlerçe robotyň kömegi bilen taryhy binalar toplumyny başga ýere göçürdiler. Bu barada New China TV habar berýär.

Huaýanli toplumy 1920-1930-njy ýyllarda gurlan. Ol kerpiçden we agaçdan ýasalan üç binadan ybarat. Desgalaryň umumy meýdany 4030 inedördül metr, agramy bolsa 7500 tonna.
Binalary göçürmek üçin inženerler uly bolmadyk 432 sany ýöreýän roboty ulandylar. Desgany günde takmynan 10 metr tizlik bilen süýşürdiler. Taslama topary gurluş kynçylyklaryny öňünden kesgitlemek üçin, 3D modellemegi we lazer skanirlemesini ulandy.
Toplum üç gatly ýerasty giňişlik gurlup bolýança wagtlaýyn göçürildi. Ol ýerde medeni we söwda zolaklaryny, şeýle hem metro liniýalarynyň arasyndaky geçelgeleri gurmak meýilleşdirilýär. Işler tamamlanansoň, toplum öňki ýerine geçiriler.
Şuňa meňzeş operasiýa öň Sankt-Peterburgda-da geçirilipdi. 2024-nji ýylda Gara derýadaky Imperatoryň terbiýeçilik öýüniň binasy, täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy üçin meýdançany boşatmak maksady bilen, relsler boýunça 52 metr aralyga göçürildi.


düýn 11:17
3.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....