Pininfarina brendiň taryhyndaky iň gazaply wersiýa bilen Battista-nyň önümçiligini soňlaýar

  • 07.06.2025 11:55
  • 2.6k+

Pininfarina kompaniýasy Battista giperkarynyň önümçiligini çäkli nusgada çykarylan Novantacinque wersiýasy bilen soňlaýar. Kompaniýanyň 95 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen wersiýa öndürilen 150 sany Battista-nyň iň soňkusy bolar.

Battista Novantacinque jemi 1900 at güýjüni öndürýän we 2340 Nm torky üpjün edýän dört elektrohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Giperkar 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 1,86 sekuntda, 200 km/sag-e bolsa 4,75 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa, 350 km/sag bilen çäklendirilen.
Ulagyň kuzowy «Tinted Rosso Gloss» atly ýörite gyzyl reňkli karbon materialdan ýasalan we altyn bezegler bilen tapawutlanýar. Salonynda deri we Alcantara ulanylypdyr, olaryň hem üstünde altyn nagyşlar hem-de «95» belgili logotip bar. Anodirlenen alýumin bölekleri bu wersiýanyň özboluşlylygyny we ýokary hil derejesini görkezýär.
Novantacinque – Battista modeliniň soňky tapgyry bolup, tehniki güýji we dizaýn ussatlygyny özünde jemleýär.

düýn 14:34
1.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....