Bezosyň Blue Origin kompaniýasy Aýy özleşdirmek meýilnamasyny hödürledi: gonuş modullary we Aý tankeri

  • 07.06.2025 13:32
  • 2k+

Jeff Bezosyň «Blue Origin» aerokosmos kompaniýasy Aýy özleşdirmek boýunça meýilnamalarynyň käbir jikme-jikliklerini mälim etdi. Kompaniýa şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýa iki sany adamly uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Taslamanyň esasy bölegi «Transporter» atly kosmos gämisi bolar. Bu gämi «New Glenn» raketasy arkaly pes ýer orbitasyna çykarylar. Soňra raketanyň ikinji basgançagyndan «Transporter-e» ýangyç geçirilip, ol Aýyň orbitasyna ugradylar. Bu gämi Ýeriň orbitasyndan Aýyň orbitasyna, takmynan, 110 tonna ýük daşamaga ukyplydyr. Şeýle hem ol Marsyň orbitasyna çenli 33 tonna çenli ýangyç eltmäge mümkinçilik berer.
«Blue Origin» kompaniýasy iki görnüşli gonuş modulyny işläp düzýär: «Mark 1» we «Mark 2». «Mark 2» moduly dört astronawty Aýyň ekwatorital ýa-da polýar sebitlerine eltmek üçin niýetlenendir. Modulyň ýük görnüşi 33 tonna çenli peýdaly ýük daşap biler.
«Mark 1» Aýa 3,3 tonna çenli ýük eltmäge ukyplydyr. Has uly «Mark 2» bolsa, gaýtadan ulanylýan görnüşde 22 tonna, bir gezeklik görnüşde bolsa 33 tonna çenli ýük daşap biler.
«Mark 1» modulynyň ilkinji missiýasy Aýyň günorta polýusyna şu ýylyň dowamynda amala aşyrylyp biler. «Blue Origin» häzirki wagtda şeýle moduldan iki sanysyny gurýar. Olar NASA-nyň stereokameralary bilen enjamlaşdyrylar, bu kameralar Aýyň ýüzüniň raketanyň hereketlendirijilerine edýän täsirini öwrenmek üçin ulanylar. Kompaniýanyň wise-prezidenti Jon Kulurisiň sözlerine görä, ilkinji hereketlendirijiniň ýygnalyşy tamamlanmaga ýakyn.
Şeýle hem kompaniýa wodorod we kislorod esasynda ýangyjy uzak wagtlap saklamagyň üstünde işleýär. Bu elementler BE hereketlendirijileri üçin zerur bolup, olar hem modullarda, hem-de transport gämilerinde ulanylar. Kulurisiň sözlerine görä, bu ugurda üstünlik gazanylmagy «Gün ulgamynyň ählisini açar» we Aýy Kennedi aeroportyna meňzeş merkeze öwürer.
«Blue Origin» kompaniýasynyň baş direktory Deýw Limp Aýy «Marsa barýan basgançak» diýip atlandyrýar.

«Eger-de biz Marsa gitmek isleýän bolsak, onda oňa barýan ýol Aýa yzygiderli dolanyp barmakdan geçýär» — diýip, ol nygtady we kompaniýanyň bu ugurda uly öňegidişlik gazanandygyny, şeýle hem Ýerden ýük daşamagyň çykdajylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigini aýtdy.


18.06.2026 11:16
2.7k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....