Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy

  • 07.06.2025 13:05
  • 5.7k+

ispace hususy ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlan Resilience gonuş enjamy Aýa asuda gonup bilmedi. Onuň bilen aragatnaşyk gonuşdan 1 minut 45 sekunt öň ýitirildi diýip, Space habar berýär.

Enjam 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Firefly Aerospace kompaniýasynyň Blue Ghost Aý moduly bilen bilelikde uçuryldy. Aýdaky işini eýýäm tamamlan Blue Ghost-dan tapawutlylykda, Resilience ýangyjy tygşytlamak üçin Ýeriň hemrasyna has uzak ýol boýunça gitdi. Aý orbitasyna çenli uçuş 3,5 aý töweregi wagt aldy, soňra bir aýlap modul beýikligi peseldip, gonuşa taýýarlanyp başlady.
Resilience 6-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 00:17-de Sowuk deňziniň töwereginde gonmalydy. Ýöne gonuş şowsuz tamamlandy. Telemetriýa modulyň Aýyň üstüne has golaý bolsa-da, has çalt hereket etmegini dowam etdirendigini görkezdi.
Deslapky seljerme Aýyň üstüne çenli aralygy ölçeýän enjamyň nädogry işläp başlandygyny görkezdi. Bu hem modulyň wagtyndan öň we has çalt aşak düşmegine getirdi. Kompaniýanyň pikiriçe, modul badyny haýalladyp ýetişmän, Aýyň üstüne urlan bolmaly. Näsazlyk, takmynan, 190 metr beýiklikde ýüze çykdy.
Bu ispace-iň Aýa ikinji şowsuz gonuşy boldy. 2023-nji ýylda Hakuto-R enjamy hem programma üpjünçiligindäki ýalňyşlyk sebäpli soňky gonuş tapgyrynda döwüldi.
Häzirlikçe täze şowsuzlygyň ispace-iň meýilnamasyna nähili täsir etjekdigi belli däl. 2026-njy ýylda kompaniýanyň amerikan bölümçesi APEX 1.0 atly täze Aý missiýasyny uçurmagy meýilleşdiripdi. Onuň gonmaly ýeri Aýyň günorta polýusynyň golaýynda ýerleşýän 320 kilometrlik Şredinger krateridi. Ýöne yzygider ikinji şowsuzlykdan soň bu meýilnamalara täzeden seredilip bilner.
Döwülmezden öň Resilience Aý gözýetiminde dogýan Ýeriň suratyny iberip ýetişdi.


düýn 16:26
2.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

düýn 16:17
1.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
1.8k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......