Ford bir günde bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi: kä modeller ot alyp biler

  • 07.06.2025 12:01
  • 2.9k+

Ford kompaniýasy bir günde ulaglaryň bäşisini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Olaryň käbiri ýangyn töwekgelçiligi bilen baglanyşykly, biri bolsa eýýäm abatlanan ulaglara degişli diýip, Carscoops ýazýar.

2020-nji ýyllaryň başynda öndürilen Lincoln Corsair, Ford Escape we Maverick krossower modelleriniň 1700 sürüjisine ulagy ulanmagy dessine bes etmek maslahat berildi. Olaryň hereketlendirijileri motor bölümine ýag buglaryny pürküp biler we ol ýygnanyberse ýangyna sebäp bolmagy mümkin. Meseläni hereketlendirijiniň dolandyryş programma üpjünçiligini täzelemek arkaly çözüp bolar.
Hereketlendirijiniň gyzmagy sebäpli ýene-de 6700 ulag, şol bir Corsair we Maverick ýaly, ýöne olaryň has täze modelleri, şeýle hem Linkoln Nautilus we Ford Bronco Sport ot alyp biler.
Başga bir yza çagyryş Ford Transit-iň, F-150-niň we Explorer -iň 3,3 we 3,5 litrlik hereketlendirijileri bilen baglanyşykly.
30,6 müň sany 2024-nji ýylda öndürilen Lincoln Nautilus-da multimedia ulgamynyň displeýiniň öçmek howpy ýüze çykaryldy. Näsazlyk howa üsti bilen täzelenme arkaly düzediler.
Şeýle hem, 2022-nji ýylda çykan F-150 Lightning elektropikaplarynda näsazlyklar ýüze çykaryldy. Olarda şinanyň basyş datçikleri dogry işlemeýär. Bu ulaglar öňem yzyna çagyrylypdy. Indi mesele gaýtadan programmirlemek arkaly çözüler.
2025-nji ýylda Ford eýýäm 50-den gowrak yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi, yzyna çagyrylan ulaglaryň sany eýýäm millionlarça. Şeýlelik bilen, maý aýynyň ahyrynda 1 075 299 ulagyň yzy görkezýän kamerasynyň abatlamaga degişlidigi anyklandy.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....