«Missiýa ýerine ýetirmesizdäki» iň howply hokga TikTok wideosyndan gelip çykypdyr

  • 07.06.2025 11:37
  • 8.7k+

Kann kinofestiwalynyň dowamynda režissýor Kristofer MakKuorri «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») filmindäki akyl ýetirip bolmajak hokgalaryň (trýuk) biriniň nädip dörändigi barada aýdyp berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu pikir tötänden döräpdir. Ol bir gün Tom Kruza «TikTok-dan» bir wideo görkezipdir.

«Öz samsyklygym bilen Toma TikTok-daky bir wideony görkezdim. Diňe güler öýtdüm. Emma ol: „Muny menem edip bilerin“ diýdi. Menem: „Ýok, edip bilmersiň“ diýdim. Olam: „Ederin“ diýdi. Soň biz şol pikir boýunça işläp başladyk» — diýip, MakKuorri gürrüň berdi.
«Men Tomuň pikirlerine garşy çykýanmy? Ýok. Onuň pikirlerine razy bolanyma ökünýänmi? Hawa! Bilelikde işleşmegi we şeýle pikirleri döretmegi halaýarys. Men suwasty gämi bilen ekşen sahnasyny surata düşürmek isledim, Tom bolsa uçaryň ganatyna çykmak isledi. Emma surata düşüriş wagtynda, ýagdaýlar gaty bir kynlaşanda, biri-birimize seredip: „Bu seniň pikiriňdi, muny sen orta atdyň!“ diýip bilýäris» — diýip, režissýor aýtdy.

Agzalyp geçilýän sahna filmiň ahyryna golaý peýda bolýar we 12 minut dowam edýär. Kruzyň ýerine ýetirýän keşbi Itan Hant ýaramaz kişini yzarlap, iki adamlyk uçaryň ganatyndan ýapyşýar, şol ýerden oturgyçlara geçýär, uçarman bilen uruşýar, soňam howadaka bir uçardan beýlekisine geçýär.
Hokga boýunça jogapkär Ueýd Istwudyň aýtmagyna görä, aktýor bu sahna üçin birnäçe aýlap taýýarlyk görüpdir, ol şemal generatorlarynda türgenleşipdir. Uçuş üçin howa şertleriniň örän amatly bolmagy zerur bolupdyr: bulutly, ortaça ýylylykda we howanyň dykyzlygy dogry bolmalydy.

«Eger asmanda bulut bolmasa, uçar hiç hili hereket etmeýän ýaly görnerdi. Temperatura hem belli bir çäkde bolmalydy, sebäbi uçaryň göteriji güýji şoňa baglydy. Yssy günlerde howanyň dykyzlygy peselýär, manýowr etmek kynlaşýar. Sowukda bolsa, Tomy ganatyň üstünde tiz sowuk urup bilerdi» — diýip, MakKuorri «The New York Times» gazetine düşündiriş berdi.

Esasy howp ýere düşmek däl-de, döwük bölekler, boltlar ýa-da guşlar bilen çaknyşmak bolupdyr. Şeýle hem aktýor bu sahnada güýçli tizlenmä duçar bolupdyr, howa seýrek bolansoň dem alyp bilmändir we surata alyş topary bilen diňe el hereketleri arkaly aragatnaşyk saklapdyr.


düýn 19:16
2.3k+

Paramount «Street Fighter» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi

Paramount kompaniýasy «Street Fighter» (Köçe söweşijisi) filminiň täzeden işlenilen wersiýasynyň resmi treýlerini tanyşdyrdy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär....

düýn 14:38
659

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

düýn 10:37
1.5k+

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....

23.04.2026 21:04
1.9k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......