NASA beýleki planetalaryň buzlarynyň aşagynda ýaşaýyş gözlemek üçin burawçy roboty döretdi

  • 07.06.2025 11:23
  • 3.2k+

NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň (JPL) inženerleri Europa Lander robotynyň prototipini (nusgasyny) görkezdiler. Hünärmenler bu işläp düzmäniň üstünde 10 ýyl bäri işleýärler diýip, Science Robotics žurnalyna salgylanýan Phys.org ýazýar.

Europa Lander - bu Ýupiteriň hemrasy Ýewropadaky buzasty ummany öwrenmek üçin döredilen bölekleýin özbaşdak maşyn. Apparat buzuň üstünde hereket etmäge mümkinçilik berýän dört diregli burawdyr. Beýleki apparatlardan tapawutlylykda, ol sürülmeýär-de, ýöne ädimläp ýöreýär. Şeýle hem ol buzy burawlamaga ukyply.
Ýewropa Ýupiteriň dört galileý hemrasynyň biridir. Onuň 30 km töweregi galyňlykdaky buz gabygynyň aşagynda ummanyň bardygy çaklanylýar. Alymlar şeýle şertlerde ýaşaýşyň bolup biljekdigine ynanýarlar.
Robot LED yşyklandyryjyly stereo kamera, nusgalary ýygnamak üçin manipulýator we özbaşdak işlemegi üpjün edýän bort kompýuteri bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň elementleri radiasiýadan goralýar we nätekiz ýerlerde hereket etmek üçin niýetlenendir.
Robot, beýleki ýerler bilen bir hatarda, Alýaskanyň buzluklarynda hem synag edildi. Inženerleriň sözlerine görä, simulýasiýa apparatyň kosmos uçuşlaryna taýyndygyny görkezdi. Şeýle-de bolsa, NASA missiýany töwekgelçilikli hasaplaýar, şonuň üçin robot entek hiç ýere iberilmedi.
Inženerler topary Europa Lander-i Saturnyň hemrasy Enseladede ulanmagy teklip etdi. Ol ýerdäki şertler missiýa üçin has amatly bolup biler.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....