Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

  • 06.06.2025 16:07
  • 5.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady.

"Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, namaz okamak, oraza tutmak ýaly mukaddes borçlaryny hem-de parz amallaryny göwnejaý berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde tagat-ybadatlaryny, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesini Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Serdar Berdimuhamedow bu işleriň ählisiniň adamzat taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren halkymyzyň gadymyýetden gelýän, durmuş kadalaryna esaslanýan hem-de häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan medeni mirasymyza, ýokary ruhy gymmatlyklarymyza we asylly däplerimize üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

"Sizi Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýip, döwlet Baştutany gutlagyny jemleýär.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......