Türkmenistan "Merkezi Aziýa - Hindistan" Işewürlik geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi

  • 07.06.2025 20:20
  • 2.6k+

5-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Delide geçirilen «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda sebit ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasynda ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşyklylygy ösdürmek, sanly ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Raşid Meredow çykyşynda Işewürlik geňeşiniň hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli meýdança hökmünde aýratyn ähmiýetini belläp geçdi hem-de onuň mümkinçilikleriniň has giňden peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtady. Esasy taslamalaryň hatarynda TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem demirgazyk – günorta ugry boýunça ulag geçelgelerini ösdürmek bilen bagly taslamalara maýa goýum mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýokary tehnologiýalar, emeli aň, sanly platformalary döretmek ugurlarynda Hindistan bilen innowasiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Geňeşiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......