Müsürde ýaşy 3500 ýyl töweregi bolan ozal näbelli üç sany gadymy mazar tapyldy

  • 07.06.2025 11:25
  • 6.9k+

Müsürde ozal näbelli üç mazar tapyldy. Açyş Patyşalar jülgesiniň golaýynda, Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşen Luksordaky arheologik gazuw-agtaryş işlerinde mahalynda edildi diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan Daily Mail habar berýär.

Mazarlar Dra Abu el-Naga sebitinde - Tutmos II we beýleki faraonlar ýaly, ýokary wezipeli adamlaryň mazarlarynyň tapylan toplumynda ýerleşýär. Arheologlaryň berýän maglumatlaryna görä, täze tapyndylar ýokary derejeli adamlara degişlidir, ýöne olaryň asly şa neslinden däldir. Olar çen bilen Täze Patyşalyk döwründe, ýagny miladydan öňki XVI-XI asyrlarda ýaşapdyrlar. Bu mazarlaryň ýaşynyň 3500 ýyl töweregidigini aňladýar.
Barlagçylar mazarlaryň diwarlaryndaky ýazgylary okadylar we jaýlananlaryň atlaryny kesgitlediler. Şolardan biri Amon ybadathanasynyň gullukçysy Amon-em-Ipetdir. Onuň gubury doly diýen ýaly weýran bolupdyr. Ikinjisi, däne ammaryna jogapkär bolan Baki atly bir adama degişlidi. Üçünji mazarda Amon ybadathanasynyň gözegçisi, kätip we hasylly ýerleriň dolandyryjysy bolup işlän "S" diýen biri aram tapypdyr.
Hünärmenler bu açyşy ähmiýetli hasaplaýarlar we bu adamlaryň durmuşy barada has köp maglumat almaga umyt edýärler. Olar barlaglaryň köp ýyllardan bäri dowam edýändigine garamazdan, Patyşalar jülgesiniň we onuň töwereginiň täze syrlary açmagyny dowam etdirýändiklerini nygtaýarlar.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......