Iýulda Stiwen Kingiň «Institut» atly romany boýunça düşürilen serial görkeziler

  • 07.06.2025 18:55
  • 1.6k+

Stiwen Kingiň adybir romany esasynda surata düşürilen «Institut» serialy 13-nji iýulda «MGM+» striming hyzmatynda görkeziler. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Taslama sekiz bölümden ybarat. Serialyň režissýory Jek Bender, ssenarisini bolsa Benjamin Kawell ýazdy.
Wakalaryň merkezinde zehinli ýetginjek Lýuk Ellis ýerleşýär. Ony ogurlap, aýratyn ukyby bolan çagalaryň zor bilen saklanýan ýapyk edarasy bolan Instituta ýerleşdirýärler.
Lýuk niredeligine düşünmäge synanyşýan mahaly, golaýdaky şäherçede öňki polisiýa işgäri Tim Jeýmison peýda bolýar. Ol bu ýere täze durmuşa başlamak üçin gelen bolsa-da, gysga wagtda onuň ýoly Lýugyň ykbaly bilen gabatlaşýar.
Lýugyň keşbini Jo Friman ýerine ýetirdi. Timiň keşbini bolsa «Dorian Greýiň portreti» filmi bilen meşhur bolan Ben Barns ýerine ýetirdi. Taslamanyň prodýuserleri Jek Bender, Benjamin Kawell, Geri Barber, Sem Şeridan, Ed Redlih hem-de Stiwen Kingiň özi boldy. Serialyň önümçiligini «Amazon MGM Studios» alyp barýar.
«Institut» romany 2019-njy ýylda çykdy. Onuň ekranlaşdyryljakdygy barada 2024-nji ýylda mälim edilipdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......