Kori Gauff “Rolan Garrosyň” finalynda Arina Sobolenkodan üstün çykdy

  • 08.06.2025 10:59
  • 3.1k+

Dünýäniň ikinji raketkasy, ABŞ-dan Kori Gauff Parižiň toprak kortunda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň (“Rolan Garros”) ýeňijisi boldy. Ol finalda dünýäniň birinji raketkasy, belarusly tennisçi Arina Sobolenkony utdy.

Oýun 2 sagat 38 minut dowam etdi we 21 ýaşly amerikaly türgeniň peýdasyna 6:7 (5:7), 6:2, 6:4 hasabynda tamamlandy. Tennisçileriň arasyndaky şahsy duşuşyklarda hasap Gauffyň peýdasyna 6:5 boldy.
Bu titul Gauff üçin “Rolan Garrosda” ilkinji boldy. Ozal onuň bu ýerde iň gowy netijesi 2022-nji ýylda finala çykmagy bolupdy. Ol ýaryşda gazanan ýeňşi üçin 2,55 mln ýewro alar. Bu amerikaly türgeniň ýekelikde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ikinji ýeňşidir – ol 2023-nji ýylda US Open-iň ýeňijisi boldy.
27 ýaşly Arina Sobolenko üçin bu final karýerasynda altynjy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygider üçünji boldy. Onuň hasabynda üç titul bar: Awstraliýanyň Açyk çempionatynda iki (2023, 2024) we US Open-de bir (2024).


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......