«Talking Heads» toparynyň meşhur aýdymyna 48 ýyldan soň klip düşürildi

  • 07.06.2025 19:20
  • 2.8k+

5-nji iýunda «Talking Heads» amerikan nýu-weýw toparynyň «Psycho Killer» atly aýdymy üçin ilkinji resmi klip çykaryldy. Bu aýdym ilkinji gezek 1977-nji ýylda diňleýjilere ýetirildi we şol döwürden bäri meşhurlygyň ýokary derejesine eýe boldy.

Klip toparyň ilkinji çykyşynyň 50 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Onuň režissýory hökmünde «Oskar» baýragyna hödürlenen Maýk Mills çykyş edýär. Klipde ýeke-täk keşbi «Altyn globus» baýragynyň eýesi bolan irlandiýaly aktrisa Sirşa Ronan ýerine ýetirýär.
Eýmenç adyna garamazdan, klipde telbelik ýa-da zorluk däl-de, emosional ýadawlyk, alada we ýalňyzlyk hakda gürrüň berilýär. Tomaşaçylara gahrymanyň durmuşyndan 13 adaty gün görkezilýär – gündelik durmuş, keýpiň üýtgeýşi we başgalar tarapyndan görülmeýän içki emosional çaknyşyklar.
Wideo adamyň daşyndan asuda görünse-de, aslynda, içinde alyp barýan göreşini açyp görkezýär. Tomaşaçy ýadawlygy, gazaby, sessiz gahary we iň soňunda bolsa ruhy saplanmagy synlaýar. Ahyrky pursatlarda gahryman ruhy deňagramlylyga ýetýär.
Mills surata düşürilişiň geýim çalyşmalar we emosional sahnalar bilen geçendigini belläp geçdi«Wagtymyzyň ýarysy şeýle geçdi: „Bolýar, git geýimiňi üýtget, gaýdyp gel we gaty gazaply bol: stuly zyň. Bolýar, git geýimiňi üýtget, gaýdyp gel we agla».
«Talking Heads» – 1975-nji ýylda döredilen nýu-ýorkly topar. Onuň düzümine Dewid Birn (wokal, gitara), Kris Frans (deprekçi), Tina Ueýmut (bas-gitara) we Jerri Harrison (klawiatura, gitara) girýär. «New wave» (täze tolkun) žanrynyň ösmeginde bu toparyň täsiri uludyr.

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......