Mercedes 792 km çenli ýol ätiýaçlygy bolan CLA-nyň önümçiligine başlady

  • 07.06.2025 11:56
  • 3k+

Mercedes-Benz kompaniýasynyň Raştattdaky (Germaniýa) zawodlarynda täze nesil «CLA-nyň» önümçiligine başlandy. Ol brendiň elektrokarlar üçin ýörite döredilen «Mercedes Modular Architecture» (MMA) platformasynyň binýadyndaky ilkinji elektromobilidir.

Häzirki wagtda hatarda iki wersiýa bar: 272 at güýjündäki «CLA 250+» we 356 at güýjündäki «CLA 350 4MATIC». Soňra «Mercedes-AMG» tarapyndan sport we gibrid görnüşleriniň hem çykarylmagyna garaşylýar.
Täze model merkezi serwer arkaly programma üpjünçiligini geçirmäge mümkinçilik berýän Mercedes-Benz Operating System (MB.OS) ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Önümçilikde emeli aň tehnologiýalary ulanylýar, munuň netijesinde zawodda energiýanyň sarp edilişi 20% azaldylýar.
«CLA» modeli WLTP aýlawyna görä, 792 kilometre çenli ýol geçip bilýär. 800 woltlyk tiz zarýad ulgamy 10 minutda 325 km ýol üçin ýeterlik kuwwaty ýygnamaga mümkinçilik berýär. Iň ýokary zarýad kuwwaty – 320 kWt-a çenli.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......