Volkswagen gümrük paçlarynyň peseldilmegine umyt baglap, ABŞ-daky zawodlaryna maýa goýmaga karar berdi

  • 07.06.2025 11:53
  • 3.5k+

Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwer Blýume konserniň ABŞ-a uly möçberde maýa goýjakdygyny mälim etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ädim bilen Prezident Donald Trampyň martda awtoulaglara girizilen 25 göterimlik gümrük paçlaryna täzeden seretmegine garaşýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň hökümeti bilen şeýle gepleşikleri «Mercedes-Benz» bilen «BMW-niň» wekilleri hem alyp barýar.
Blýume ABŞ-nyň söwda ministri Goward Lýutnik bilen nyrhlary we maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Gepleşikleriň mazmuny taraplaryň özara ylalaşygy sebäpli, aýan edilmedi, ýöne «Volkswagen-iň» ýolbaşçysy bu meseläniň Ak tamyň ýolbaşçysyna ýetjekdigine umyt bildirýär.
Kompaniýa «Scout» brendiniň ösdürilmegine we «Rivian» amerikan kompaniýasy bilen bilelikdäki taslamasyna maýa goýmaga dowam etmegi meýilleşdirýär. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly jikme-jiklikler entek mälim edilmedi.
Käbir maglumatlara görä, «Volkswagen» Meksikada ýygnalýan käbir modelleriň önümçiligini ABŞ-daky zawodlara geçirip biler. Hususan-da, bu ýagdaý «Tiguan» krossowerine degişli bolup biler.
Mart aýynda güýje giren, ABŞ-da ýygnalmadyk awtoulaglara salnan 25 göterimlik gümrük paçlary dünýäniň iri awtoulag öndürijilerini amerikan bazaryndaky strategiýalaryny täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Mysal üçin, «Nissan» hem Meksikadaky önümçiligi ABŞ-a geçirmek mümkinçiliklerine seredýär.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......