Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär

  • 07.06.2025 19:01
  • 15k+

NASA-nyň Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky Lagranj L1 nokadynda ýerleşýän DSCOVR hemrasy Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykan tüssäni surata aldy. Surat 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda düşürildi.

Kanadadaky tokaý ýangynlary birnäçe gün bäri dowam edýär. 5-nji iýun ýagdaýyna görä, ýurt boýunça 212 sany ýangyn ojagy hasaba alyndy. Ýangynlaryň tutýan meýdany 2 million gektardan geçdi. 33 müňden gowrak adam howpsuz ýere göçürildi. Manitoba, Saskaçewan we Alberta prowinsiýalarynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Ýangyn söndürijiler, harby gullukçylar we Gyzyl Haç jemgyýetiniň işgärleri ýangyna garşy göreşýärler. Ýangynlaryň köpüsi ýyldyrymyň çakmagyndan we ot bilen seresapsyzlykdan ýüze çykýar.
Umuman, ýylyň başyndan bäri Kanadada 1586 sany ýangyn ýüze çykdy we olaryň netijesinde 2 million gektar tokaý ýandy. Ýangynlaryň häzirem güýçli depginde dowam edýändigi sebäpli, tüsseleriň sütünleri diňe pes orbitadaky hemralardan däl-de, eýsem, çuň kosmosdan hem görünýär.
DSCOVR hemrasynyň düşüren suratynda üç sany uly tüsse sütüni görünýär: olaryň biri Nunawutdan demirgazyk-gündogara geçip, Grenlandiýanyň kenaryna çenli uzalýar; ikinjisi günorta tarap, Florida ştatyna çenli ýetýär; üçünji tüsse bolsa Atlantik ummanynyň üstünde, Ýewropanyň golaýynda görünýär.
Şeýle hem suratda Afrikanyň günbatarynda Sahara çölünden gelýän tozan buludy görünýär. Muny tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse bilen garyşdyrmaly däl.
Tokaý ýangynlaryndan çykýan tüssäniň Kanadada we ABŞ-nyň birnäçe ştatlarynda howanyň hiline ýaramaz täsir edendigi bellenip geçilýär. Miçigan we Minnesota ştatlarynyň häkimiýetleri tüssäniň saglyga ýetirýän howpy barada ilata duýduryş berdiler.


şu gün 11:34
1.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

düýn 09:56
9.4k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.3k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.2k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......