Kia, Porsche we Toyota sürüjilere kömek ulgamlary boýunça Tesla-dan we Volvo-dan öňe geçdi

  • 07.06.2025 12:04
  • 4.5k+

Euro NCAP 2025 model ýylynyň awtoulaglarynda sürüjilere kömek ulgamlarynyň synaglaryny geçirdi. Synagyň netijelerine görä, Kia EV3, Porsche Macan, Renault 5 we Toyota bZ4X “Örän gowy” diýen ýokary bahany aldy.

Bu awtoulaglar ulgamynyň ygtybarly işleýändigini we sürüji bilen gowy gatnaşygy görkezdi.
Tesla Model S we Volvo EX30, howpsuzlyk ugrundan abraýlydyklaryna garamazdan, “Orta” derejäni aldy. Tesla Model S-iň Autopilot ulgamy pes kömek derejesini görkezdi, ýagny Assistance Competence ölçegine görä 30% boldy. Doly awtomatiki görnüşde diýip mahabatlandyrylsa-da, tamany ödemedi.
Volvo EX30 hem durnukly işleýşini görkezip bilmedi: Pilot Assist ulgamy rulda sürüjiniň elleriniň ýoklugyna elmydama ýeterlik jogap berip bilmedi.
Şeýlelikde, Kia, Porsche we Toyota kömek tehnologiýalarynyň ýokary hilli integrasiýa edilendigi netijesinde öňdebaryjy orny eýeledi. Netijeler, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şeýle ulgamlary ygtybarly we netijeli gurnamagyň  möhümdigini görkezýär.


düýn 21:54
1.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......