Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy

  • 07.06.2025 20:41
  • 4.1k+

6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistana saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpugurly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, söwda, maýa goýum, senagat hem-de ulag-logistika ulgamyndaky özara gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu formatdaky diplomatik hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň berkemegine we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýändigi nygtaldy.
R.Meredow ýurdumyz tarapyndan ykdysady integrasiýany ilerletmekde hem-de iri sebit taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň tagallalaryň edilýändigini belledi. Bu ugurda TOPH halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.
Ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine hem-de täze halkara we sebit ulag geçelgeleriniň döretmek boýunça başlangyçlaryň öňe sürülmegine aýratyn üns berildi.
Sebit howpsuzlygy bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginde ähmiýetli gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Şeýle hem innowasion tehnologiýalar, sanlylaşdyrma, biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikdäki tehnologik we ylmy hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny döretmek teklip edildi. Bu ugurda bilim alyş-çalşyklaryna, başlangyç taslamalaryň (startaplaryň) ösdürilmegine we ylmy-barlag işlerine aýratyn orun berildi.
Saglygy goraýyş, farmasewtika we ylmy-barlag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar bilelikde Jemleýji beýannama kabul etdiler. Ol häzirki döwrüň şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......