Astrobiologlar Saturnyň hemrasy Enselada ýaşaýyş «ýokuşdyrmagy» teklip edýärler

  • 07.06.2025 11:20
  • 2.3k+

Kosmos enjamlarynyň, esasan-da, gonuş apparatlaryň sterilizasiýasy (arassalanmagy) halkara kosmonawtikanyň hökmany talabydyr. Maksat Ýerdäki mikroorganizmleriň beýleki planetalara ýaýramagynyň öňüni almak bolup durýar. Emma käbir alymlar munuň tersine bolan pikiri öňe sürdüler: Saturnyň hemrasy Enseladyň buz bilen örtülen ýüzüniň astyndaky ummana agyr şertlere çydamly mikroorganizmleri ibermek.

Bu pikir «Space Policy» žurnalynda çap edilen makalanyň baş temasy bolup durýar.
Köp sanly astrobiologlar mümkin bolan ýaşaýyş alamatlaryny Marsdan däl-de, eýsem, buz bilen örtülen hemralardan, ýagny Ýewropadan we Enseladdan gözlemegiň has ýerliklidigine ynanýarlar. Bu iki hemranyň ýüzi hem buz bilen örtülen, olaryň aşagynda bolsa, alymlaryň pikiriçe, ummanlar bar. NASA-nyň «Kassini» zondy ozal Enseladyň yrgyldylaryny we suw buglarynyň geýzerlerini hasaba alypdy, bu bolsa suwuk suwuň bardygyny aňladyp biler.
Enseladyň dykyzlygy – 1,6 g/sm³ bolup, bu suwuňkyndan birneme ýokarydyr. Deňeşdirsek, Ýeriň dykyzlygy – 5,5 g/sm³. Enseladyň ýüzündäki buz örtüginiň galyňlygy, ähtimal, onlarça kilometre bolmaly. Alymlar şol buzy deşip geçip, aşagyndaky ummana ýetip biljek apparaty döretmäge synanyşýarlar.
ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan alymlar topary şeýle apparaty ulanyp, Methanobacterium subterraneum ýaly ýerli arheýleri Enselada ibermegi teklip etdiler. Bu organizmler metan öndürip, Enseladda bolmagy ähtimal agyr şertlerde ýaşaýşy dowam etdirip biler.
Ýöne beýle taslama durmuşa geçirilmezden ozal, Enseladyň özünde ýaşaýşyň ýokdugyna doly göz ýetirilmeli bolar. Eger-de ol ýerde ýaşaýyş bar bolsa, onuň üstüne daşarky mikroorganizmleri ibermek diňe bir ýerli ekoulgama zyýan ýetirmez, eýsem, daşarky ýaşaýşyň tebigy görnüşlerini tapmagy hem kynlaşdyryp biler.


11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......