Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 07.06.2025 19:34
  • 8k+

Aktýor Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Howply hokga (trýuk) franşizanyň «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») atly sekizinji filminiň surata düşürilýän wagty ýerine ýetirildi.

Filmiň sýužetine görä, Kruzyň ýerine ýetirýän keşbi Itan Hant paraşýut bilen bökýär, emma ol birden ot alýar. Ol paraşýudy boşadýar we ýer bilen çaknyşmaga sekuntlar galanda ätiýaçlyk paraşýudyny açýar.
Hokgalaryň ählisini aktýoryň özi ýerine ýetirdi. Böküşler Günorta Afrikanyň Drakensberg daglarynyň üstünden, 7500 fut (takmynan, 2,2 km) beýiklikdäki dikuçardan amala aşyryldy. Paraşýutlar öňünden ýanyjy maddalara batyrylypdyr.

«Eger paraşýudyň ot alan mahaly daňlar çolaşsa, men aýlanyp başlaryn we ýanyp giderin. Muny düzetmek üçin bary-ýogy 10 sekunt wagtym bolar» — diýip, Kruz surata düşüriliş mahaly düşürilen wideoda aýdýar.
«Tom Kruz Golliwudyň iň täsirli aktýory bolmak bilen çäklenmän, kinoteatrlarda girdeji toplamak boýunça hem iň üstünlikli aktýordygyny köpden bäri subut etdi. Ol yzly-yzyna 100 million dollardan köp girdeji gazanan filmlere iň köp gatnaşan ýyldyzdyr» — diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendeý belläp geçdi.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....