Britaniýaly adam göwreli gelne halaýan tagamyny eltip bermek üçin uçarda 1600 km geçdi

  • 08.06.2025 10:50
  • 15k+

Britaniýaly bir adam öz doganynyň göwreli aýalyny halaýan tagamy – Beýik Britaniýada meşhur bolan büzmeçli hamyr bilen begendirmek üçin uçarda 1600 km ýol geçdi. Bu barada Mirror neşiri habar berýär.

Är-aýal Loren we Jeými Niland Portugaliýada dynç alyşdady. Loren göwreliligiň ýedinji aýynda bolup, stresi başdan geçirýärdi. Onuň aýtmagyna görä, onuň şähdini açyp biljek ýeke-täk zat – Greggs tiz tagam ulgamyndan büzmeçli hamyrdy.
Muny eşiden Jeýminiň dogany Greg büzmeçli hamyry satyn alyp, Portugaliýa uçdy. Ol gelne tutuş dynç alşyna ýeter ýaly dört gap büzmeçli hamyr getirdi.

“Meniň doganym büzmeç getirmek üçin, bütin gün Portugaliýa gelmäge sarp etdi we indi 24 sagatdan yzyna gidýär. Minnetdar, doganym. Ýoluň ak bolsun” – diýip, Jeými sosial ulgamlarda ýazdy.

Soňrak Jeými geljekki çagasy üçin at saýlamaga kömek etmek haýyşy bilen ulanyjylara ýüzlendi. Teklipleriň arasynda Arabella (gyz dogulsa) we Roman (oglan dogulsa) bar. Ulanyjylaryň biri çagany Greg diýip atlandyrmagy teklip etdi.
Greggs – Beýik Britaniýada 1951-nji ýylda esaslandyrylan iň uly tiz tagam ulgamlarynyň biri. Onda büzmeçli hamyr, sendwiç we içgiler satylýar. Ýakynda Londondaky Hanym Týusso muzeýinde Greggs-iň büzmeçli hamyrynyň heýkeli hödürlendi. Ol 5-nji iýunda bellenilýän büzmeçli hamyryň Milli güni mynasybetli gips guýmak usuly bilen elde ýasaldy. 


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......