Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär

  • 07.06.2025 13:30
  • 5.7k+

Ýaponiýanyň Waseda uniwersitetiniň fizikleri kontakt linzalar üçin ýagtylygy geçirýän, ýöne elektronika hem-de dürli senagat we lukmançylyk enjamlary tarapyndan döredilýän zyýanly elektromagnit tolkunlaryny saklaýan açyk reňkli nano-örtük döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi.

«Häzirki wagtda jemgyýetde elektronika ornaşdyrylan „akylly“ kontakt linzalary döretmek pikiri uly gyzyklanma döredýär. Eger beýle tehnologiýalar döredilse, onda gözümiz şeýle linzalaryň aragatnaşyk ulgamlaryndan çykan elektromagnit tolkunlaryna gönüden-göni täsir eder. Bu tolkunlardan goramak üçin biz iki ölçegli materiallaryň esasynda ýörite örtük döretdik» — diýip, professor Takeo Miýake aýtdy.

Alymlar geçiş metallarynyň we uglerodyň atomlaryndan, şeýle-de azot, flor ýa-da kislorod ýaly elementlerden düzülýän iki ölçegli materiallar bolan maksenleri ulandy. Olar metallara meňzeş aýratynlyklara eýedir. Fizikler titan karbidi esasynda maksenden taýýarlanan örtükleri döretdi. Bu örtükler görünýän ýagtylygyň 90%-ini geçirýär, emma «akylly» linzalardan çykýan elektromagnit tolkunlaryny saklaýar.
Şeýle örtük bilen taýýarlanan linzalaryň prototipleri haýwanlarda synag edildi. Örtük giň ýygylyk diapazonlarynda elektromagnit şöhlelenmäniň, takmynan, 93%-ini dargadyp, ony göz üçin has az zyýanly bolan infragyzyl tolkunlara öwürdi.
Barlagçylar maksenden taýýarlanan örtükleriň dürli materiallara ulanylmagynyň mümkinçiligini belläp geçýärler. Ýokary bioutgaşyklyk aýratynlygy sebäpli, olar diňe bir kontakt linzalarda däl, eýsem, lukmançylyk elektronikalarynda we implantatlarda-da ulanylyp bilner.


08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......