Hytaý 2024-nji ýyla çenli ähli ýurtlardan öňe geçip, 300 müň senagat robotyny gurnady

  • 30.09.2025 10:12
  • 3.1k+

Halkara Robototehnika federasiýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýyla çenli Hytaýda, takmynan, 300 müň senagat roboty gurnaldy, bu dünýäniň ähli ýurtlarynyň bilelikde gurnanyndan hem köpdür. Umuman alanyňda, häzirki wagtda Hytaýyň zawodlarynda şeýle maşynlaryň 2 milliondan gowragy işleýär.

Ýurt 2015-nji ýylda hökümet “Hytaýda öndürilen 2025” kampaniýasyny başlanda we döwlet maýa goýumlaryny goşmak bilen, senagata goldaw beriş gaznalaryny döreden mahaly giň gerimli awtomatlaşdyryşa girişipdi. Şondan bäri robot gurnamagyň depgini ýylsaýyn ýokarlanýar we 2017-nji ýyldan bäri ýylda 150 müňden geçýär.
Bu ädimleriň netijesinde Hytaý häzirki wagtda dünýäde ähli senagat önümleriniň üçden birine golaýyny öndürýär we ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Beýik Britaniýa bilen deňeşdirilende ep-esli öňe geçýär. Deňeşdirmek üçin, Ýaponiýada 2024-nji ýylda 44 000 robot gurnaldy, ABŞ bolsa 34 000 robot bilen üçünji orunda durýar.
Hytaýda täze maşynlaryň köpüsi häzirki wagtda ýerli önüm bolup durýar (5-den 3-si), ozal import maşynlar agdyklyk edýärdi. Häzirki wagtda Hytaýyň zawodlarynda ABŞ-daka garanyňda bäş esse köp robot işleýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:26
5.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....