Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar

  • 06.10.2025 10:54
  • 7.8k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy öňdebaryjy bilim we ylmy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýa gitdiler. Olar 1-17-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän we dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan ICONM – Nanomedisina Innowasiýa Merkezinde tejribe okuwlaryna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Iş sapary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Kawasaki Senagat Ösüş Institutynyň Nanomedisina Innowasiýa Merkeziniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda guralýar. Şol Ähtnama esasynda ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Ýaponiýa çagyrylyp, häzirki zaman ylmy-barlaglary bilen tanyşýarlar. ICONM merkezi dünýä derejesinde nanotehnologiýa, nanomedisina we nanomateriallar boýunça öňdebaryjy işleriň alnyp barylýan ylmy merkezleriň biridir.
Türkmenistanyň mugallymlarynyň bu ýerde gatnaşjak okuwlary olara döwrebap usullary özleşdirmäge, täze ylmy usullar bilen tanyşmaga hem-de ýapon hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Saparyň esasy maksady mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin pikir alyşmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden ybaratdyr.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....