Dewid Bekhem rysar derejesine eýe bolar

  • 07.06.2025 23:31
  • 9.8k+

Angliýanyň öňki futbolçysy Dewid Bekhem geljek hepde rysar bolar diýip, The Times we BBC Sport habar berdi.

Bekhemiň ady iýun aýynyň ortalarynda çap ediljek resmi sylag sanawynda peýda bolar. Ol Beýik Britaniýanyň Patyşasy Çarlz III-niň, adatça monarhyň hakyky doglan senesine gabat gelmeýän, resmi doglan gününe gabatlanýar.
Bekhem derejäni almak bilen "ser" (jenap) bolar, aýaly, öňki Spice Girls toparynyň agzasy Wiktoriýa Bekhem bolsa "ledi" bolar.
The Guardian gazetiniň berýän habaryna görä, är-aýal Bekhemler patyşa maşgalasynyň agzalary bilen baglanyşykly çärelere birnäçe gezek gatnaşypdyrlar. Maý aýynda olar Çelsi gül sergisinde, fewral aýynda bolsa Beýik Britaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan Haýgrouweda geçirilen resmi agşamlyk naharynda görüldi.
Bekhem futbolçy bolan döwründe “Mançester Ýunaýtedde”, “Realda”, “Milanda”, “PSŽ-da” we “Los-Anželes Gelakside” oýnady. “Mançester Ýunaýted” bilen alty gezek Angliýanyň premýer-ligasynda we bir gezek Çempionlar ligasynda (1999-njy ýylda) ýeňiji boldy. Angliýanyň milli ýygyndysy üçin 115 oýun oýnady we 17 pökgi geçirdi.
Häzirki wagtda Bekhem Lionel Messiniň oýnaýan “Inter Maýami” amerikan futbol klubunyň şärikdeş eýesi.


11.05.2026 15:25
1.3k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.3k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
924

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......