4.1k+

Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar...

9.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi...

9.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi...

6.7k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...

4.6k+

Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady

Mirror Me hytaý startapynyň Black Panther II robot iti 13 sekuntda 100 metr aralygy ylgap geçdi. Bu robotlaryň arasynda iň gowy netijedir diýip, South China Morning Post habar berýär. Model sekuntda 9,7 metr tizligi görkezip, sekuntda 8,8 metre çenli tizligini artdyryp bilýän WildCat amerikan robotynyň görkezijilerinden geçdi...

4.7k+

Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi

Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar. Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar...

2k+

Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli

Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler. Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir...

13k+

Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy

Lexus kompaniýasy hereket edip barýan ulaglarda tennis oýny bilen bagly Ginnesiň iki rekordyny goýmaga gatnaşdy. Britaniýaly tennisçiler Jeými Marreý we Lora Robson 47 km/sag tizlik bilen hereket edip barýan awtomobilleriň üçeginde durmak bilen, birek-birege yzygider 101 gezek top geçirdi...

2.9k+

Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr

Paleontologlar dügür dişlileriň toparyndan mezozoý süýdemdirijisiniň täze nesline we görnüşine häsiýetnama berdi. Onuň dişleriniň daşa öwrülen galyndylary Beýik Britaniýada tapyldy. Takmynan, 143 mln ýyl ozal ýaşan bu jandar Novaculadon mirabilis adyny aldy diýlip, Proceedings of the Geologists’ Association žurnalynda habar berilýär...

6.1k+

Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy

Täze Kaledoniýanyň syýasy güýçleri özbaşdaklyga eýe boljak täze döwleti döretmek barada ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde, ol Fransiýadan doly garaşsyz bolmaz we onuň düzüminde galar. Resminama 12-nji iýulda Parižiň etegindäki Bužiwalda gol çekildi diýip, Politico habar berýär...

9.6k+

Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

Kümüşiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda bir unsiýasy üçin 39 dollardan geçdi. Mundan öň, bu gymmatly metal şu nyrhda 2011-nji ýylyň sentýabrynda bahalanýardy. Aşgabat wagty bilen 01:16-a çenli ýagdaýa görä, kümüşiň birža bahasy bir unsiýasy üçin 39,14 dollara ýetdi (+4,92%)...

9.8k+

Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy...

4.2k+

«2025-nji ýylyň astronomik suratçysy» baýragynyň finalçylary yglan edildi

Grinwiç patyşalyk obserwatoriýasy bilen «BBC Sky at Night» žurnaly her ýyl geçirilýän «Astronomik suratçy» atly halkara bäsleşigiň gysga sanawyny yglan etdiler. 2025-nji ýylda bu bäsleşige 69 ýurtdan höwesjeň we professional suratçylar tarapyndan 5500-den gowrak ýüzlenme gelip gowuşdy...

3k+

Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi...

3.7k+

Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi

Lucid Air elektrik sedany bir gezeklik zarýad bilen 1205 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy. Rekord Sankt-Moris şäherinden (Şweýsariýa) Mýunhen şäherine (Germaniýa) çenli aralykda, Ýewropanyň umumy ýollarynda goýuldy...