YouTube “Trendde” bölümini ýapýar. Ol tematiki çartlar bilen çalşyrylar

  • 13.07.2025 19:12
  • 1.6k+

YouTube 2015-nji ýyldan bäri hereket eden “Trendde” sahypasynyň we “Häzir trendde” sanawynyň ýapylýandygyny habar berdi. Olaryň deregine platforma tematiki çartlary işe girizer, olarda kontent aýdym-saz wideolary, podkastlar we kinotreýlerler ýaly kategoriýalar boýunça bölner.

Kompaniýa bu çözgüdiň meşhur wideolary tapmak usullarynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny düşündirýär. Ozal wideo “Trendde” bölümine düşmegi netijesinde millionlarça tomaşa gazanyp, giňden ýaýran bolsa, indi ulanyjylar has gyzykly wideolary, esasan, maslahat berilýänleriň, gözlegiň we pikir alyşmalaryň üsti bilen tapýar. Şol sebäpli “Trendde” sahypasyna gyzyklanma pese gaçyp başlady. YouTube-yň maglumatlaryna görä, soňky bäş ýylda “Trendde” sahypasyna giriş yzygiderli peseldi.
Umumy sanawyň deregine ulanyjylara şahsylaşdyrylan wideolar teklip edilmegini dowam etdirer. Şeýle-de, meşhur kontent bilen “Öwrenmek” menýusy, ýazylyşyk we awtorlaryň kanallary arkaly tanşyp bolar.
YouTube awtorlary goldamagyny dowam etdirjekdigini belledi. YouTube Studio-da “Ylham” bölüminde kanallary ösdürmek üçin ideýalar saklanar. Şeýle-de, täze gurallar, şol sanda Hype funksiýasy işlenip taýýarlanýar. Onuň kömegi bilen tomaşaçylar halan wideolaryny “mahabatlandyryp” biler. Platforma öz resmi kanalynda we sosial ulgamlarda awtorlara kömek etmek isleýär.  


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......