Mum güýeleriniň gurçuklarynyň plastigi iýip, ýag görnüşinde öz organizminde toplaýandyklary ýüze çykaryldy

  • 13.07.2025 18:57
  • 4.4k+

Alymlar uly mum güýeleriniň (Galleria mellonella) gurçuklarynyň polietileni metabolik taýdan işläp (siňdirip), ony birnäçe günüň dowamynda öz bedeninde lipid (ýag) görnüşinde toplap bilýändiklerini ýüze çykardylar.

Bu baradaky ylmy-barlagyň netijeleri Eksperimental biologiýa jemgyýetiniň Antwerpen şäherinde (Belgiýa) geçirilen ýyllyk konferensiýasynda hödürlendi.
Kanadanyň Brendon uniwersitetiniň biologiýa professory doktor Braýan Kassoneniň ýolbaşçylygyndaky topar mum gurçuklarynyň plastigi nädip dargadýandygyny öwrenipdir. Olaryň 2000-e golaýynyň bir plastik torbany bir gije-gündiziň dowamynda dargadýandygy bize öňdenem mälimdi. Emma täze barlag bilen gurçuklaryň polietileni iýip, ony ýaga öwürýändikleri, adamlarda artykmaç ýaglaryň dokumalarda toplanyşy ýaly, olaryň hem ony öz bedenlerinde ýag hökmünde toplaýandyklary aýdyňlaşdyryldy.
Şeýle-de barlagyň dowamynda, diňe plastik bilen iýmitlenýän gurçuklaryň agramlaryny tiz ýitirýändikleri we tiz ölýändikleri hem ýüze çykaryldy.

«Diňe plastik bilen iýmitlenýänler birnäçe günden uzak ýaşamaýarlar we agramlaryny-da juda çalt ýitirýärler. Şeýle-de bolsa, biz olaryň tebigy ýaşaýyş ukybyny dikeltjek, hatda ondanam geçip biljek goşundyny taýýarlap biljekdigimize umyt bildirýäris» — diýip, doktor Kassone aýtdy.

Kassoneniň sözlerine görä, mum gurçuklaryny plastigi gaýtadan işlemekde ulanmagyň iki sany esasy usuly bolup biler: olary garyşyk iýmit bilen köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek ýa-da gurçugyň bedeninden daşary biodargamga ukyply usullary işläp düzmek.
Mundan başga-da, mum gurçuklarynyň köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilmeginiň peýdasyna başga bir sebäp hökmünde, olaryň köp mukdarda biomassa öndürmegini görkezýärler. Bu olary balykçylyk üçin örän ýokumly iýme öwürýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....