Lucid Air sedany bir gezeklik zarýad bilen rekord 1205 km ýol geçdi

  • 13.07.2025 18:21
  • 3.7k+

Lucid Air elektrik sedany bir gezeklik zarýad bilen 1205 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan bellige alyndy. Rekord Sankt-Moris şäherinden (Şweýsariýa) Mýunhen şäherine (Germaniýa) çenli aralykda, Ýewropanyň umumy ýollarynda goýuldy.

Sedanyň Grand Touring wersiýasy dag serpantinleriniň hem-de awtobanlaryň üsti bilen adaty sürüş şertlerinde bu aralygy geçdi. Täze rekord ozalkydan 160 kilometr uzak boldy.
Ýewropada bu model 831 at güýjüni öndürýän elektromotor we WLTP aýlawyna görä 960 km çenli ýol geçýän batareýa bilen enjamlaşdyrylar.
Germaniýada Lucid Air Grand Touring modeliniň bahasy 129 900 ýewrodan başlanýar.

Geçen ýylyň tomsundaky täzelenmeden soň, Lucid kompaniýasy Air modelini ABŞ-da köpçülikleýin önümçilikdäki iň energiýa tygşytlaýjy elektrokar diýip atlandyrdy. Modeliň esasy wersiýasy bir kilowatt-sagat elektrik energiýasy bilen 8 km çenli ýol geçip bilýär.
2022-nji ýylda Mercedes-Benz Vision EQXX hem şuňa meňzeş netijäni görkezipdi. Ol hem bir gezeklik zarýad bilen Germaniýadan Beýik Britaniýa çenli 1202 km ýol geçipdi, ýöne ol diňe synag üçin döredilen prototipdi. Lucid Air tarapyndan goýlan rekord bolsa, köpçülikleýin önümçilikdäki elektrokarlar üçin ilkinji boldy.


22.06.2026 14:34
2.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......