Tesla zarýad bermegi restoranly we awtokinoteatrly ýakymly güýmenjä öwürýär

  • 13.07.2025 19:20
  • 4.8k+

Tesla Los-Anjelesde öz firma restorany we awtokinoteatry bolan, elektrik ulaglar üçin ilkinji çalt zarýad beriş stansiýasynyň gurluşygyny tamamlap barýar. Santa-Monika bulwaryndaky desganyň gurluşyk haýatlary eýýäm aýryldy we ýakyn günlerde açylmagyna garaşylýar.

Bu toplum 1950-nji ýyllaryň retro stilinde ýerine ýetirilipdir: neon yşyklandyryş, demir fasad we amerikan awtokinosyna wizual salgylanmalar, esasanam garaňkyda täsir galdyrýan atmosferany döredýär. Menyuda nusgawy zatlar - burgerler we süýtli kokteýller bolar.
Myhmanlar göni öz awtoulagynyň içinden iki sany uly LED ekranda film görüp bilerler. Şol wagt elektrik awtoulagy 80 sany ýokary tizlikli V4 Supercharger stansiýasynyň birinden zarýad alar.
Taslama zarýad beriş prosesini dynç alşyň we güýmenjäniň bir bölegine öwürmekde kompaniýanyň ilkinji ädimi hasaplanýar.


düýn 18:36
2.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....