Volkswagen SAIC konserni bilen Hytaýyň Nankin şäherindäki bilelikdäki zawodyny ýapýar

  • 13.07.2025 19:43
  • 5.4k+

Hytaýyň SAIC awtokonserni bilen Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Hytaýyň Nankin şäherindäki zawodyny doly ýapmagy meýilleşdirýär. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, zawodda önümçilik eýýäm togtadyldy. Bu maglumaty kompaniýanyň wekilleri hem tassyklaýarlar.

Zawodyň ýapylmagynyň sebäbi hökmünde Hytaýyň awtoulag bazaryndaky üýtgeýän şertlere uýgunlaşmak zerurlygy görkezilýär. Volkswagen kompaniýasynyň beren maglumatyna görä, SAIC Volkswagen kärhanasynyň önümçilik mümkinçilikleriniň ep-esli bölegi elektromobil öndürmäge uýgunlaşdyrylýar.
Nankindäki zawod baradaky gürrüňe gelende bolsa, hünärmenler bu desganyň täzeden ýöriteleşdirilmeginiň gaty gymmat düşjekdigini belleýärler. Zawod ilatly sebite, şäheriň merkezine ýakyn ýerde ýerleşýär, bu bolsa onuň döwrebaplaşdyrylmagyny çäklendirýär.


düýn 16:05
3.2k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....