Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürmekden ýüz öwürdi

  • 14.07.2025 11:01
  • 4.7k+

Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar.

Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar. Ssenarini “Ýaramaz ýigitler: Güm bol ýa-da öl” (Плохие парни до конца) filmi bilen tanalýan Uill Bill ýazdy.
“Ýoldaky jaý” 1989-njy ýylyň adybir filminiň remeýkidir. Sýužetiň merkezinde Floridada ýoluň ugrundaky baryň goragçysy durýar, ol howply adamlara garşy göreşmeli bolýar. Filmde antagonistiň keşbini UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor ýerine ýetirdi.
Birinji filmi Dag Laýman (“Geljegiň çägi”) düşüripdi. Reliz 2024-nji ýylyň martynda Prime Video platformasynda boldy we bu ýerde film 50 milliondan gowrak tomaşa ýygnap, iň üstünlikli taslamalaryň birine öwrüldi.
Gaý Riçi jenaýat komediýalary we uruşly filmler žanryndaky işleri bilen tanalýar. Ýakynda ol Apple TV+ platformasynda “Baky juwanlygyň çeşmesi” (Источник вечной молодости) mini-serialyny çykardy. Häzir režissýor “Jentlmenler” we “Gangsterlend” seriallarynyň dowamynyň üstünde işleýär.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......