Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

  • 14.07.2025 11:15
  • 6.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini goldaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belledi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Bastiliýanyň eýelenen güni Fransiýada her ýyl 14-nji iýulda bellenilýär. Baýramçylyk 1789-njy ýylda şol gün Bastiliýa patyşalyk tussaghanasynyň zabt edilmeginiň hormatyna bellenilýär. Bu Fransuz rewolýusiýasynyň başlanmagyny alamatlandyrdy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......